
Elman Tagaýew: "Biz bu ýere ýeňiş gazanmak üçin geldik"
Aziýanyň Çempionlar ligasy-2-niň toparçalaýyn tapgyrynyň ilkinji duşuşygyny Hindistanyň «Mohun Bagan» toparynyň garşysyna geçirjek «Ahal» futbol kluby Kolkatta şäherinde taýýarlyklaryny dowam etdirýär. Türgenleşikden soň toparyň kapitany we hüjümçisi, Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň hem kapitany Elman Tagaýew žurnalistiň soraglaryna jogap berdi.
― Ilki bilen, Hindistana hoş geldiňiz. Siz güýçli garşydaşa garşy oýnaýarsyňyz. Duşuşygy nähili geçirmegi meýilleşdirýärsiňiz?
― Ilki bilen, mähirli garşy alanlaryňyz üçin sag boluň. «Mohun Bagan» örän gowy topar, top gözegçiligini elinde saklamagy başarýar. Ýöne biz bu ýere ýeňiş gazanmak üçin geldik. Yza çekilip oýnamak niýetimiz ýok, hiç kime ýeňil düşmez.
― Mundan öň Aziýanyň Çempionlar ligasynda «Al-Ain» ýaly güýçli topar bilen hem duşuşdyňyz. Bu tejribe sizi «Mohun Bagana» garşy nähili höweslendirýär?
― Hawa, biz «Al-Ain» bilen oýnadyk. Olar şol ýyl Aziýanyň çempiony boldular. Elbetde, şol duşuşykda kyn pursatlar boldy, ýöne biz çempionlaryň garşysyna gowy oýnamagy başardyk. Indi bolsa şol tejribäni bu duşuşykda peýdalanmaga taýýar.
― Türkmen klublary «Arkadag» we «Altyn Asyr» hem Hindistanda oýun geçirip, ýeňiş gazandy. Siz hem üçünji topar bolup, ýeňiş gazanyp bilersiňizmi?
― Hawa, biz olaryň duşuşyklaryny gördük. «Arkadag» hem, «Altyn Asyr» hem ýeňiş gazandy. Olar ýurdumyz üçin üstünlik gazandylar, «Arkadag» ýurdymyzyň çempiony biz olara buýsanýarys. Biz hem elimizden gelenini edip, ýeňiş gazanmak üçin meýdana çykarys.
― «Mohun Bagan» Hindistanyň çempiony, düzüminde tejribeli legionerler bar. Umuman, garşydaşyňyz barada näme aýdyp bilersiňiz?
― Elbetde, biz olaryň çempiondygyny bilýäris. «Mohun Bagan» güýçli topar, gowy düzümli we ýokary derejeli oýunçylary bar. Olar hormata mynasyp garşydaş, ýöne biz hem taýýarlykly geldik.
Şeýlelikde, tälimçi Eziz Annamuhammedowdan we hüjümçi Enwer Annaýewden soň, Türkmenistanyň futbolynda halkara derejede çykyş edýän ýaşyl-aklylaryň kapitany Elman Tagaýew hem duşuşykdan öň metbugata çykyş etdi.