Türkmenistanly ýolbaşçy eminiň halkara çykyşlary dowam edýär

Futbol federasiýasynyň eminler komitetiniň ýolbaşçysy Çar­ymyrat Gurbanow şu günler Täjigistanyň paýtagty Duşenbe şäherinde geçirilýän 2025-nji ýyldaky "CAFA" Milletler kubogynyň duşuşyklarynda inspektor hökmünde çykyş edýär.

Türkmenistanly hünärmen bu halkara ýaryşda ilkinji gezek baş inspektor hökmünde Tajikistan – Hindistan duşuşygyny gözegçilikde saklady. Geçen duşuşykda Hindistanyň ýygyndysy 2:1 hasabynda ýeňiş gazandy.

Gurbanowyň indiki çykyşyna bolsa Hindistan bilen Eýran arasynda geçiriljek duşuşyk girýär. Bu oýun toparçadaky iň möhüm duşuşyklaryň biri hasaplanylýar. Çünki iki ýygyndy hem final tapgyryna çykmak üçin esasy dalaşgärleriň hatarynda görkezilýär.

Duşuşyk şu gün geçiriler.