Türkmenistanly eminler Aziýa Kubogy-2026-nyň saýlama duşuşyklarynda hyzmat ederler

1-nji sentýabrda Futbol federasiýasynyň eminler bölüminiň iki emininiň Aziýanyň Kubogy-2026-nyň saýlama tapgyry üçin Wýetnama ugrandygy habar berildi.

Bu halkara ýaryşynda ýurdumyzy FIFA derejesindäki eminler – baş emin Resul Mämmedow hem-de kömekçi emin Ahmet Begnazarow wekilçilik eder. Olar 3–9-njy sentýabr aralygynda Wýetnamyň Ýet Tri şäherinde geçiriljek "C" toparçasynyň duşuşyklarynda hyzmat ederler.

Ýeri gelende bellesek, Türkmenistanyň ýaşlar ýygyndysy hem bu saýlama ýaryşyna gatnaşýar. Ýaşlar milli ýygyndymyz "A" toparçasynda Iordaniýa, Hytaý Taýpeýi we Butan bilen bäsleşer. Bu duşuşyklar Iordaniýanyň paýtagty Amman şäherinde geçiriler. Häzirki wagtda ýaşlar ýygyndymyz şol ýerde ýokary derejede taýýarlyk işlerini alyp barýar.

Toparçanyň duşuşyklary 2025-nji ýylyň 3–9-njy sentýabrynda Iordaniýada merkezleşdirilen görnüşde geçiriler. Türkmen ýygyndysy ilkinji duşuşygyny 3-nji sentýabrda Hytaý Taýpeýine garşy oýnar. 6-njy sentýabrda Butan bilen duşuşyk garaşýar. Jemleýji oýun bolsa 9-njy sentýabrda Iordaniýanyň ýygyndysyna garşy geçiriler.

U23 Aziýa Kubogy-2026-nyň saýlama tapgyryna 44 ýurt gatnaşýar. Toparçalaryň birinji orunlaryny eýelän ýygyndylar, şeýle-de iň gowy netije görkezen 4 ikinji orunyň eýesi bilen bir hatarda ýer eýesi Saud Arabystanyň ýygyndysy final tapgyra gatnaşmaga hukuk alar.

Saýlama tapgyrynda “A” toparçada geçiriljek duşuşyklaryň senenamasy:

1-nji tapgyr (03.09.2025 ý.):

Türkmenistan – Hytaý Taýpeýi

Iordaniýa – Butan

2-nji tapgyr (06.09.2025ý.):

Butan – Türkmenistan

Hytaý Taýpeýi – Iordaniýa

3-nji tapgyr (09.09.2025 ý.):

Hytaý Taýpeýi – Butan

Iordaniýa – Türkmenistan