CNC 2025. Röwşen Meredowyň oýundan soňky sözleri

Özbegistanyň paýtagty Daşkentde geçirilýän "CAFA" Milletler kubogyndaky ilkinji duşuşykdan soň Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň tälimçisi Röwşen Meredow duşuşyk baradaky pikirleri bilen paýlaşdy.

"Bu gyzykly oýun boldy. Biz gol geçirdik, emma dessine jogap aldyk. Öňdäki duşuşyklarda kemçiliklerimizi düzetmek üçin mümkinçiliklerimiz bar. Biziň ýeňiş gazanmak isleýändigimiz görnüp durdy, şonuň üçin oýun wagtynda ýeterlik pursat döretdik. Ýöne olar üstünlikli netijelendirilmän galdy. Şu ýaryşlaryň ähmiýeti uly, sebäbi öňümizde Aziýa kubogynyň saýlama tapgyry garaşýar" - diýip, Röwşen Meredow belledi.

Tälimçi çykyşynda meýdançanyň ýagdaýynyň hem täsirini agzap geçdi: "Men garşydaşyň tälimçisiniň pikirleri bilen doly ylalaşýaryn. Meýdança oýna täsir etdi. Ýöne iki topar hem deň şertlerde oýnady. Şeýle-de bolsa, häzirki ýagdaýda ýeňiş gazanyp bilmedik. Belki-de başga meýdançada başgaça ýagdaý bolardy, onuň kim üçin artykmaçlyk boljakdygyny bolsa aýdyp biljek däl".

Türkmenistanyň milli ýygyndysy ilkinji duşuşygy 1:1 hasabynda tamamlap, täze ýaryşda bir utuk gazandy. Toparçadaky beýleki duşuşyk hem deňlikde tamamlandy we häzirki wagtda ähli toparlaryň hem 1 utukdan barlygy bellenilýär.