Bundesliga. "Baýer" Ten Hagy wezipesinden boşatdy

«Baýer» klubynyň metbugat gullugy resmi görnüşde Erik ten Hagyň wezipesinden boşadylandygyny habar berdi. Karar dessine güýje girýär, toparyň wagtlaýyn türgenleşiklerine bolsa kömekçi tälimçiler jogap berer.

Statistiki hyzmat "Opta"-nyň ýazmagyna görä, Ten Hag Bundesliganyň taryhynda möwsümara bellenilip, diňe iki duşuşykdan soň işden boşadylan ilkinji tälimçi boldy.

Gollandiyaly hünärmen 2025-nji ýylyň maý aýynda «Baýeriň» baş tälimçisi bolup işe başlapdy. Ol bu wezipede Madridiň «Realy» bilen işe başlan Habi Alonsanyň ornuny çalşypdy. Tälimçiniň şertnamasy 2027-nji ýyla çenli dowam etmelidi.

Ten Hagyň ýolbaşçylygynda «Baýer» Germaniýanyň kubogynda «Sonnenhof-Grossaspah» garşy 4:0 hasabynda ýeňiş gazandy, Bundesligada bolsa «Hoffenhaýma» garşy 1:2 hasabynda ýeňlip, «Werder» bilen 3:3 hasabynda deňme-deň oýnady.

Ten Hag ozal 2022-2024 ýyllar aralygynda «Mançester Ýunaýted» bilen işläp, Angliýanyň kubogyny hem-de Liga kubogyny gazanmagy başarypdy. Şeýle-de ol «Aýaks», «Utreht», «Go Ehed Igls» hem-de Mýunheniň «Bawariýasynyň» ikinji toparynda tälimçilik etdi.