Transfer. Mehdi Taremi indi "Olimpiakosyň" futbolçysy

Italiýanyň «Inter» kluby resmi saýtynda hüjümçi Mehdi Tareminiň Gresiýanyň «Olimpiakosyna» geçendigini mälim etdi.

Italiýan metbugatynyň maglumatyna görä, milanlylar bu transferden 2,5 million ýewro girdeji aldy.

33 ýaşly Eýranly futbolçy şu möwsümden öň «Interiň» ýaşlar topary bilen türgenleşmelere ugradylan hem bolsa, geçen möwsüm A seriýasynda 26 oýunda çykyş edip, 1 gol we 3 asist bilen tapawutlandy.