
Bundesliga. "Borussiýa Dortmund" ýeňiş gazandy
Germaniýanyň çempionatynyň ikinji tapgyrynda «Borussiýa Dortmund» - «Uniony» uly hasap bilen ýeňmegi başardy.
Dörtmunddaky duşuşykda meýdançanyň eýeleri 3:0 hasabynda üstün çykdy. Oýunda Sero Girassi dubly bilen tapawutlansa, ýene bir goly Feliks Nmeça geçirdi.
Şeýlelikde, Girassi iki tapgyrdan soň 3 gol geçirip, çempionatda iň köp gol geçiren oýunçylaryň hataryna goşuldy.
Indiki tapgyrda Niko Kowaçyň topary 13-nji sentýabrda myhmançylykda «Haýdenhaým» bilen duşuşar. Şol günüň özünde bolsa «Union» öz meýdançasynda «Hoffenhaým» bilen güýç synanyşar.