CNC 2025. Türkmenistan - Gyrgyzystan duşuşygy deňme-deň tamamlandy

Özbegistanyň paýtagty Daşkentde geçirilýän "CAFA" Milletler kubogynda ýurdumyzyň milli ýygyndysy ilkinji duşuşygyny Gyrgyzystanyň milli ýygyndysyna garşy geçirdi.

"Jar" stadionynda bolan duşuşyk 1:1 hasabynda tamamlandy. 44-nji minutda Wepa Jumaýew milli ýygyndymyza hasapda öňe çykmagyna mümkinçilik berdi. Ýöne bir minut geçmänkä, 45-nji minutda Gyrgyzystanyň futbolçysy Žoel Kožo jogap goluny geçirdi.

Netijede, Türkmenistanyň milli ýygyndysy täze ýaryşdaky ilkinji oýnuny bir utuk bilen tamamlady.