SüperLig. Žoze Mourinýo we Ule-Gunnar Sulşer wezipelerinden boşadyldy

Türkiýäniň futbolynda soňky günler möhüm täzelikler bilen boldy.

«Fenerbahçe» portugaliýaly meşhur tälimçi Žoze Mourinýo bilen ýollaryny aýyrdy. "Record" neşiriniň habaryna görä, 62 ýaşly hünärmen şertnama boýunça 15 million ýewro möçberinde kompensasiýa alar. Şeýlelikde, Mourinýonyň tälimçilik karýerasynda alan umumy kompensasiýasynyň möçberi 108 million ýewrodan geçdi.

Mourinýo ilkinji gezek 2007-nji ýylda «Çelsiden» boşadylanda 20,9 million ýewro aldy. 2013-nji ýylda «Real Madridiň» başynda bolsa 19,7 million ýewro bilen ýollaryny aýyrdy. Soňra tälimçi ýene-de «Çelsa» dolanyp geldi, ýöne 2015-nji ýylda 9,6 million ýewro bilen işden aýryldy. Iň uly kompensasiýa bolsa «Mançester Ýunaýtedden» geldi – 2018-nji ýylda 22 million ýewro. Şeýle-de, 2021-nji ýylda «Tottenhemden» gitmezinden öň 17,4 million ýewro alandygy habar berilýär.

Şol bir wagtda, beýleki türk kluby «Beşiktaşda» hem tälimçi çalşygy boldy. Klubyň dolandyryjylar geňeşi norwegiýaly Ule-Gunnar Sulşer bilen şertnamany ýatyrdy. Bu kararyň esasynda klubyň Konferensiýa ligasynyň saýlama tapgyrynda şweýsariýaly «Lozan» bilen duşuşyklarda ýeňiş gazanyp bilmezligi (1:1, 0:1) boldy. Şeýlelikde, «Beşiktaş» şu güýzde Ýewropa ýaryşlaryna gatnaşmaz.

Sulşer «Beşiktaşy» 2025-nji ýylyň ýanwarynda ýolbaşçylyga alypdy. Onuň tälimçilik karýerasynda «Molde», «Kardiff Siti» we «Mançester Ýunaýted» ýaly klublar hem bar.