CNC 2025. Metbugat ýygnagy hem geçirildi

Özbegistanda geçirilýän "CAFA"-nyň Milletler kubogy bilen baglylykda geçirilen guramaçylyk maslahatynyň yzýany metbugat duşuşygy hem guraldy.

Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň baş tälimçisi Röwşen Meredow duşuşykda çykyş edip, toparymyzyň häzirki ýagdaýy we öňde garaşýan maksatlary barada gürrüň berdi.

Biziň ähli garşydaşlarymyza hormatymyz bar. Ýöne esasy maksadymyz — öz oýnumyzy görkezmek we Aziýanyň kubogyna gatnaşmaga hukuk gazanmak. Häzirki pursatda toparymyzyň düzüminde FIFA-nyň resmi günleri entek başlanmandygy üçin käbir futbolçylarymyz ýok. Şeýle-de Ruslan Mingazow bilen Teýmur Çaryýewiň ýaryşyň dowamynda ýygyndymyza goşulmagy mümkin — diýip, tälimçi aýtdy.

Metbugat wekilleriniň "Näme üçin soňky ýyllarda türkmen futbolçylary Özbegistanyň Superligasynda çykyş etmeýär?" diýen sowalyna bolsa Röwşen Meredow şeýle jogap berdi:

Bu sowal maňa däl. Belki, olar öz ýurdumyza has zerur bolandyr. Türkmenistan ýaş zehinlere baý ýurt, esasy zat olaryň ösüş ýolunda dogry ugry görkezmekdir.