
CNC 2025. Türkmenistan – Gyrgyzystan duşuşygynyň öňüsyrasynda guramaçylyk maslahaty geçirildi
Özbegistanyň çäklerinde geçirilýän "CAFA"-nyň Milletler kubogynda ýurdumyzyň milli ýygyndysy ilkinji duşuşygyny Gyrgyzystanyň garşysyna oýnar. Duşuşygyň öňüsyrasynda guramaçylyk maslahaty guraldy.
Maslahata toparlaryň wekilleri, duşuşygy dolandyrjak resmi wekiller hem-de ýaryşyň guramaçylary gatnaşdy. Onuň dowamynda duşuşygyň geçişine degişli möhüm meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle hem toparlaryň meýdança çykjak lybaslarynyň görnüşi bilen tanyşdyrylyp, resmi taýdan tassyklanyldy.
Şonuň netijesinde ertir, 30-njy awgustda geçiriljek duşuşykda Türkmenistanyň milli ýygyndysy ak reňkli köýnekçede meýdança çykar. Duşuşyk sagat 17:00-da başlar.
Milli ýygyndymyz bu ýaryşda üstünlikli çykyş etmek üçin taýýarlygyny güýçli depginde dowam etdirýär.