TÝL - 2025. Durdyýewiň pokeri "Arkadag" toparyna uly ýeňiş getirdi, Maryda ýeňiş gazanan "Şagadam" topary
Ýokary liganyň 15-nji tapgyry «Arkadag» bilen «Köpetdag» toparlarynyň arasyndaky oýun bilen aýratyn tapawutlandy. Arkadag şäheriniň adybir stadionynda geçirilen duşuşykda ýer eýeleri ilkinji ýarymda hemme zady çözmegi başardy.
Duşuşykda hasap 14-nji minutda Şamämmet Hydyrowyň geçiren goly bilen açyldy. Soňra bolsa sahnada diňe Didar Durdyýew boldy — hüjümçi 18-nji, 20-nji, 28-nji hem-de 45+1-nji minutlarda yzly-yzyna dört gol geçirip, «Arkadagyň» 5:0 hasap bilen ýeňmegine uly goşant goşdy.
Bu ýeňişden soň «Arkadag» utuklary 40-a ýetirdi we çempionatyň başyny çekmegini dowam etdirýär. «Köpetdag» bolsa 5 utuk bilen tablisanyň iň aşaky basgançagynda galýar.
Tapgyrdaky beýleki oýunda «Şagadam» «Merwi» 1:0 hasap bilen utdy. Balkan toparynyň ýeňiş goluny 58-nji minutda Mekan Aşyrow geçirdi. Şeýlelikde, «Şagadam» 28 utuk toplap, üçünji orunda ýerleşýär. «Merw» bolsa 9 utuk bilen bilen ýedinji orunda barýar.
07.08.2025 (penşenbe)
“ARKADAG” – “Köpetdag” 5:0
Geçirilen ýeri: “Arkadag” st. (Arkadag şäheri)
Gollar: 14 Şamämmet Hydyrow, 18, 20, 28, 45+1 Didar Durdyýew (“ARKADAG”)
Duýduryşlar: 54 Orazmuhammet Işangulyýew, 79 Serdarmyrat Baýramow (“Köpetdag”)
Duşuşygyň emini: E. Ýazmyradow (Aşgabat ş.)
Kömekçi eminler: A. Jumamyradow (Aşgabat ş.), U. Atamyradow (Änew ş.)
Ätiýaçdaky emin: D.Myradow (Aşgabat ş.)
Gözegçi emin: B. Öwezow (Aşgabat ş.)
Duşuşygyň komissary: Ý. Nazzyýew (Mary ş.)
“Merw” – “Şagadam” 0:1
Geçirilen ýeri: “Merw” st. (Mary şäheri)
Gol: 58 Mekan Aşyrow (“Şagadam”)
Duýduryşlar: 16 Toýly Goçnazarow (“Merw”) – 51 Azizbek Bekçanow, 90+5 Muhammet Öwezow (“Şagadam”)
Duşuşygyň emini: R. Mämmedow (Aşgabat ş.)
Kömekçi eminler: A. Weliýew (Änew ş.), M. Allaberdiýew (Aşgabat ş.)
Ätiýaçdaky emin: H. Gurbanow (Aşgabat ş.)
Gözegçi emin: K. Seýdow (Aşgabat ş.)
Duşuşygyň komissary: J. Jumamyradow (Aşgabat ş.)
Çempionatyň tablisasy:
| T/b | Toparlar | O | Ý | D | U | T | U |
| 1. | “ARKADAG” | 16 | 16 | 0 | 0 | 64-7 | 48 |
| 2. | “AHAL” | 15 | 10 | 1 | 4 | 31-14 | 31 |
| 3. | “ŞAGADAM” | 15 | 8 | 4 | 3 | 19-17 | 28 |
| 4. | “ALTYN ASYR” | 14 | 8 | 1 | 5 | 21-19 | 25 |
| 5. | “NEBITÇI” | 15 | 4 | 3 | 8 | 8-13 | 15 |
| 6. | “AŞGABAT” | 15 | 3 | 2 | 10 | 11-34 | 11 |
| 7. | “MERW” | 15 | 2 | 3 | 10 | 7-25 | 9 |
| 8. | “KÖPETDAG” | 15 | 1 | 2 | 12 | 7-39 | 5 |

.jpg)
 (2).jpg)

.gif)
.gif)
.gif)


