
Transfer. Luis Dias "Bawariýanyň" futbolçysy boldy
«Bawariýa» resmi saýty arkaly hüjümçi Luis Dias bilen şertnama baglaşandygyny mälim etdi. Kolumbiýanyň ýygyndysynyň we «Liwerpulyň» öňki futbolçysy bilen baglaşylan şertnama 2029-njy ýylyň tomsuna çenli niýetlenýär.
28 ýaşyndaky futbolçy üçin mýunhenliler 75 million ýewro möçberinde töleg geçirdiler. Bu barada futbol boýunça ynamly maglumatlary bilen tanalýan žurnalist Fabrizio Romano habar berýär.
Luis Dias «Liwerpula» 2022-nji ýylyň ýanwarynda geçipdi. Geçen möwsümde ol ähli klub ýaryşlarynda jemi 50 oýna gatnaşyp, 17 gol geçirip, 8 gezek-de asist bilen tapawutlandy.