
TFF. Türkmenistanyň wekilleri FIFA-nyň tehniki iş maslahatyna gatnaşdy
Futbol boýunça halkara hyzmatdaşlygy giňeltmek maksady bilen, 21 – 25-nji iýul aralygynda Indoneziýanyň paýtagty Jakarta şäherinde FIFA tarapyndan tehniki iş maslahaty geçirildi. Maslahata 12 ýurduň futbol guramalaryndan jemi 24 wekil gatnaşdy.
Türkmenistanyň adyndan bu möhüm çärä Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň baş sekretary Serdar Geldiýew hem-de tehniki direktory Röwşen Meredow gatnaşdy.
FIFA-nyň tehniki liderleriniň başlygy Jemi Huçen bilen tehniki ösüş hyzmatlarynyň ýolbaşçysy Ýurg Nepferiň ýolbaşçylygynda geçirilen maslahatda, gatnaşyjylar futbol boýunça tehniki işleriň guramaçylyk meselelerine aýratyn üns berdiler. Şeýle hem futbolyň ösüşini uzak möhletleýin meýilleşdirmek, ýolbaşçylyk ukyplaryny kämilleşdirmek we halkara hyzmatdaşlygyny berkitmek ýaly möhüm ugurlar boýunça pikir alşyldy.