Altyn top – 2025: Dembele ýa-da Ýamal? Bellenen gün golaýlaýar

Usman Dembele ýa-da Lamin Ýamal? 2025-nji ýylyň “Altyn top” baýragyny kim gazanar diýen sowal köpler üçin gün tertibiniň öň hatarynda. Dünýä metbugaty bolsa bu ugurda soňky jemleýji reýtinglerini yglan etdi.

Mälim bolşy ýaly, 2024-nji ýyldan başlap “Altyn top” baýragy ýyl boýunça däl-de, futbol möwsüminiň jemine görä gowşurylýar. Şonuň üçin hem bu reýtingleriň “jemleýji” hasaplanýandygyny aýdyp bolýar.

Gyzykly ýeri – dünýä belli “GiveMeSport” we “Goal” neşirleriniň beren ilkinji bäşlik sanawlary biri-birine dolulygyna gabat gelýär. Sanawy «Liwerpulyň» hüjümçisi Möhämmet Salah açýar. Müsüriň ýyldyzy bu möwsümde 34 gol we 23 asist bilen çykyş etdi. Onuň esasy gazanan kubogy bolsa Angliýanyň premýer-ligasynda gazanylan çempionlyk boldy.


Dördünji ýerde Rafinýa ýerleşýär. Braziliýaly futbolçy uzak wagtlap ähli reýtingleriň başyny çekipdi. Möwsümde onuň umumy görkeziji sanlary 34 gol we 25 asist bilen jemlenýär.


Üçünji basgançakda Portugaliýanyň ýygyndysynyň futbolçysy Witinýa ýerleşdi. Bu futbolçynyň soňky aýlardaky ösüşi aýratyn bellenilýär. Aprel aýynda diňe dokuzynjy orunda bolan ýarymgoragçy häzirki wagtda ilkibaşdaky üçlüge girmäge başardy.


Ikinji orunda bolsa Lamin Ýamal bar. «Barselonanyň» ýaş ýyldyzy ýanwar aýyndan bäri ilkinji bäşlikde durnukly ornuny saklap gelýär.


Birinjilik üçin esasy dalaşgär hökmünde bolsa häzirki wagtda Usman Dembele görkezilýär. Ol diňe bir ýarym ýylyň dowamynda täzeden güýçlenip, dünýäniň iň gowy futbolçylarynyň biri hökmünde çykyş etdi. Fransiýaly futbolçynyň häzirki ýagdaýy oňa “Altyn top – 2025” baýragyny gazanmaga doly mümkinçilik berýär.


Baýrak gowşurylyş dabarasy 22-nji sentýabrda geçiriler.