
Transfer. Täze transferler bilen futbol dünýäsi güýçli hereketde
Transfer penjiresinde birnäçe ýyldyz futbolçy klublaryny çalşyp, täze başlangyçlara ýol aldy.
Žoau Feliks «Al-Nasra» geçdi. «Çelsi» portugaliýaly hüjümçi üçin 30 mln ýewro + bonus aldy, üstesine-de täzeden satylanda paý alar. Şertnama – 2 ýyl. Feliks ýyllyk 18 mln ýewro gazanar.
Wiktor Dýokereş hem «Arsenala» geçdi. London kluby şwed hüjümçini 63,5 mln ýewro + 10 mln bonus bilen satyn aldy. 5 ýyllyk şertnama baglaşyldy. Ol «Arsenalda» 14-nji belgi bilen çykyş eder. Geçen möwsümde klub we milli ýygyndynyň düzüminde 63 gol we 17 asist bilen çykyş etdi.
Rodrigo de Pol «Atletikodan» – «Inter Maýama» geçdi. Transfer bahasy 15 mln ýewro, şertnama – 4 ýyllyk.
Kristian Moskera hem «Arsenala» goşuldy. «Walensiýadan» gelen ýaş merkezi goragçy üçin 20 mln ýewro (bonuslar bilen bilelikde) tölenildi. Ol hem 5 ýyllyk şertnama gol çekdi.
Swen Ulraýh häzirki kluby «Bawariýa» bilen täze şertnama baglaşdy. Germaniýaly derwezeban indi 2026-njy ýylyň iýunyna çenli klubda galar.
Wesli «Flamengodan» – «Roma» geçdi. Ýaş goragçy üçin 25 mln ýewro + 5 mln bonus tölenildi.
Luis Hawýer Suares «Almerýadan» – «Sportinge» geçýär. Bu transfer bilen «Sporting» Dýokereşiň ornuny doldurdy.
Pau Wiktor «Barselonadan» – «Braga» geçdi. Portugaliýanyň kluby 12 mln ýewro + 3 mln bonus bilen oýunçyny satyn aldy. Şertnama 2030-njy ýyla çenli dowam eder.
Žoau Mariu «Portudan» – «Ýuwentusa» geçdi. Transfer bahasy 12,6 mln ýewro, şertnama hem 2030-njy ýyla çenli.
Alberto Koşta bolsa «Ýuwentusdan» – «Portu-a» geçdi. Oýunçy üçin 15 mln ýewro tölenildi, şertnamanyň möhleti – 2030-njy ýylyň tomsuna çenli.