Ýokary ligada tomusky transfer penjiresi tamamlandy

3-nji awgustda futbol boýunça Türkmenistanyň çempionatynyň üçünji aýlawyna badalga berler. Şol gün «Arkadag» bilen «Aşgabat» toparlarynyň arasyndaky 20-nji tapgyryň öňe süýşürilen duşuşygy geçiriler.

Çempionatyň ikinji ýarymyna taýýarlyk görýän toparlar tomusky transfer möwsüminde düzümlerini güýçlendirmek ugrunda işjeňlik görkezdi. Täze gelen oýunçylaryň arasynda ýerli futbolçylar bilen bir hatarda daşary ýurt toparyndan gelen futbolçylar hem bar.

«Arkadag» topary «Ahal» toparyndan Seýran Aşyrowy, Gurbanmuhammet Esenowy, Ybraýym Amangeldiýewi we «Şagadamdan» Baýram Ataýewi düzümine goşdy. Şeýle-de toparyň ýaş futbolçylar bilen düzümini giňeldendigi bellenilýär.

«Ahal» topary «Aşgabatdan» Bäşim Gurbanberdiýewi, Oraz Orazowy, «Şagadamdan» bolsa Amir Gurbani, Süleýman Mirzoýew, Gurbanmyrat Garaýew ýaly futbolçylary hem-de Russiýanyň «Lotus Music» toparyndan Oraz Ataýewi öz düzümine aldy. «Arkadagdan» Enwer Annaýew hem kärende esasynda bu topara goşuldy.

«Altyn Asyr» topary «Şagadamdan» Didar Tejenowy, «Ahaldan» Igor Sekowy, «Aşgabatdan» Döwletýar Berdiýewi we öň tälimçi bolup işlän Mämmet Orazmuhammedowy derwezeçi hökmünde düzümine goşdy.

«Şagadam» topary «Nebitçiden» Elýas Akyýewi, şeýle-de Batyr Gaýlyýewi, Begenç Gylyçnyýazowy we Merdan Paltaýewi transfer etdi.

«Merw» topary «Arkadagdan» Anton Maksimowy we Hajymuhammet Orazowy kärende esasynda düzümine goşdy.

«Aşgabat» toparynyň düzümine «Ahaldan» Begmyrat Baýow bilen derwezeçi Rahat Japarow, şeýle-de «Köpetdagdan» Didar Didarow goşuldy.

«Nebitçi» topary «Arkadag» toparyndan Bogdan Klimenkony transfer etdi.

«Köpetdag» topary bolsa «Ahaldan» Daýanç Meredowy, «Altyn Asyrdan» Arslan Saparowy hem-de «Nebitçiden» Emir Berdiýewi düzümine goşdy.

Her topar düzümine birnäçe ýaş futbolçyny hem goşdy.

Ýeri gelende bellesek, Türkmenistanyň futbol çempionatynyň dört aýlawyndan ikisi üstünlikli tamamlandy. Häzirki wagtda 42 utuk toplan «Arkadag» birinji ýerde barýar. 28 utukly «Ahal» ikinji, 25 utukdan toplan «Altyn Asyr» we «Şagadam» üçünji hem-de dördünji orunlary paýlaşýarlar.

Bellenilip geçilmeli möhüm maglumatlaryň biri hem — ýurdumyzyň Ýokary ligasyndaky tomusky transfer penjiresi 28-nji iýulda resmi taýdan ýapyldy. Şeýle-de, futbol çempionatynyň jemleýji — dördünji aýlawynyň duşuşyklarynyň geçiriljek seneleri soňrak yglan ediler.