
TFF. "C" kategoriýaly tälimçi bolmak üçin okuwlar başlandy
Şu gün, Aşgabat şäherindäki «Köpetdag» stadionynda "C" kategoriýaly tälimçi bolmak isleýän dalaşgärler üçin ýörite okuwlar badalga aldy. Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň guramagynda geçirilýän bu okuwlar iki tapgyrdan ybarat bolup, ilkinji tapgyry 5 gün dowam eder. Ikinji tapgyryň 26-njy awgustda başlamagy meýilleşdirilýär.
Okuwlaryň dowamynda 6–12 ýaş aralygyndaky çagalara tälim geçmäge hukuk berýän "C" derejesindäki tälimçilik şahadatnamasyny almak isleýän dalaşgärlere ýurdumyzyň dört instruktory tarapyndan sapak berilýär. Okuwlar 30-njy awgustda geçiriljek synag bilen jemlener. Synagdan üstünlikli geçenler degişli tälimçilik şahadatnamasyny almaga hukuk gazanar.
Şeýle hem, bu okuwlara gatnaşýan instruktorlaryň taýýarlygy FIFA-nyň tehniki bilermenleri — Swetlana Kaşuba we Röwşen Meredow tarapyndan bahalandyrylýar. Okuwy üstünlikli tamamlap ýokary baha alan instruktorlara 2025-nji ýylyň sentýabrynda Özbegistanyň paýtagtynda — Daşkentde geçiriljek FIFA-nyň instruktorlar üçin synagyna gatnaşmaga mümkinçilik dörediler.