Meýlis Diniýew "Kyrgyzaltynyň" futbolçysy boldy
Türkmenistanyň milli ýygyndysynda çykyş edýän hüjümçi Meýlis Diniýew Gyrgyzystanyň kluby "Kyrgyzaltyna" geçdi. Klub onuň bilen bilelikde düzümine 10 futbolçyny goşandygyny habar berdi. Onuň täze klubynda çykyş etjek belgisi 9.

Diniýewiň transferi resmi ýagdaýda yglan edilende, klub futbolçy barada aşakdaky maglumatlary paýlaşdy:
• Ady: Meýlis Diniýew
• Doglan senesi: 11 iýul 2000 ýyl
• Raýatlygy: Türkmenistan
• Pozisiýasy: Sag ganat / hüjümçi
Klub karýerasy:
• 2018 — «Köpetdag» bilen Türkmenistanyň Kubogynyň eýesi
• 2021 — AFK Kubogynda 3 oýna gatnaşdy
• 2022 — «Ahal» bilen Türkmenistanyň çempiony
• 2025 — möwsümiň başynda «Ahalyň» düzüminde Ýokary ligada çykyş etdi
• Aziýa Çempionlar ligasynda 12 duşuşykda oýnady
Milli ýygyndy:
• Türkmenistanyň milli ýygyndysynda 6 duşuşykda çykyş etdi
• Täjigistana garşy Merkezi Aziýa Kubogyndaky oýunda ilkinji gezek meýdança çykdy
• U-23 ýygyndysy bilen Aziýanyň Kubogyna gatnaşdy (3 oýun)
Daşary ýurt tejribesi:
• 2024-nji ýylyň fewral–mart aýlarynda Mogilew kuboga gatnaşyp, «Dinamo» Minsk bilen geçirilen duşuşykda bir gol geçirdi (1:3)
• 2024-nji ýylyň başynda "Transfermarkt" tarapyndan bahasy 75 000 € diýlip görkezildi


.jpg)
 (2).jpg)

.gif)
.gif)
.gif)


