
La Liga. Tibo Kurtua "Real Madrid" bilen täze şertnama baglaşar
"Marca" neşiriniň ýazmagyna görä, belgiýaly derwezeban Tibo Kurtua bilen «Real Madrid» klubynyň şertnamasy 2027-nji ýyla çenli uzaldylar.
Häzirki şertnamasynyň güýji 2026-njy ýylyň 30-njy iýunyna çenli dowam edýär.
33 ýaşyndaky futbolçy geçen möwsümde «Real Madridiň» düzüminde ähli ýaryşlarda 53 oýunda çykyş edip, 63 gol geçirdi we 17 duşuşykda derwezesini arassa saklamagy başardy.