Transfer. Soňky habarlar (10.07.2025)

Teo Ernandes «Al-Hilalyň» oýunçysy boldy

Fransiýaly goragçy resmi taýdan Saud Arabystanyň «Al-Hilal» klubyna geçdi. «Milan» bu transferden 25 million ýewro aldy. Ernandes bilen 3 ýyllyk şertnama baglaşyldy.

Meteo Retegi «Al-Kadisiýa» klubyna geçýär

Fabrizio Romanonyň habaryna görä, «Atalanta» hüjümçisini Saud Arabystanyň «Al-Kadisiýa» klubyna 67 million ýewro bilen satýar. 26 ýaşly Retegi ýyllyk 20 million ýewro hak alar — bu öňki gazanjyndan alty esse köp. Ol geçen möwsüm Serie A-nyň iň gowy bombardiri boldy.

Muhammet Kudus «Tottenhema» geçdi

«West Hemiň» ganaly hüjümçisi Muhammet Kudus Angliýanyň beýleki kluby «Tottenhem» bilen 6 ýyllyk şertnama baglaşdy. Transfer bahasy — 60 million ýewro. Ganaly futbolçy geçen möwsüm premýer-ligada 5 gol we 3 assist bilen tapawutlandy.

Edin Jeko «Fiorentinanyň» futbolçysy boldy

39 ýaşly bosniýaly hüjümçi «Fenerbahçeden» soň Italiýanyň «Fiorentina» klubyna erkin agent hökmünde geçdi. Bu onuň Serie A-daky täze tapgyry bolar.

Tierno Barri «Ewertona» geçdi

«Wilýarrealyň» futbolçysy Tierno Barri indi premýer-liganyň «Ewerton» klubynyň düzüminde çykyş eder. Transfer bahasy 35 million ýewro + bonuslar. Şertnama 2029-njy ýylyň tomsuna çenli dowam eder.

Kristian Nýorgor «Arsenalyň» düzüminde

«Brentfordyň» daniýaly ýarymgoragçysy Kristian Nýorgor indi «Arsenalyň» oýunçysy. Transfer 10 million funt sterling + 2 million bonus bilen amala aşyryldy.

Enso Kana-Biýik «Mançester Ýunaýtediň» oýunçysy boldy

18 ýaşly hüjümçi «Gawrdan» – «Mançester Ýunaýtede» geçdi. Geljek möwsümi bolsa Şweýsariýanyň «Lozanna Sport» klubynda kärende esasynda geçirer.

«Real Madrid» Rodrigonyň gelejegini maslahatlaşar

Fabrizio Romanonyň habaryna görä, «Realyň» ýolbaşçylary we Rodrigonyň wekilleri geljek hepde duşuşyp, futbolçynyň geljegini ara alyp maslahatlaşarlar. Klubyň ony satmaga açykdygy bellenilýär, karary bolsa futbolçynyň özi berer. Rodrigo soňky bäş oýunda esasy düzüme düşmändi.

Çiro Immobile we Federiko Bernardeski «Bolonýa» klubyna geçýär

Fabrizio Romanonyň berýän maglumatyna görä, Immobile «Beşiktaşdan», Bernardeski bolsa dört ýyllyk MLS çempionatdaky tejribesinden soň Italiýanyň «Bolonýa» klubyna geçýär.

Pýer-Emerik Obameýang «Al-Kadisiýany» terk eder

Fabrizio Romanonyň habaryna görä, gabonly hüjümçi «Al-Kadisiýa» klubyny erkin agent hökmünde terk etmäge taýýar.