
CWC. Ikinji finalçy synanyşygy: "PSŽ" bilen "Real" güýç synanyşýar
Klublaryň Dünýä çempionatynyň ýarym finalynda häzirki Çempionlar ligasynyň eýesi bolan Parižiň «PSŽ» kluby Madridiň «Real» klubyna garşy meýdança çykar. Duşuşygyň ýeňijisi finalda «Çelsi» bilen duşuşar.
Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda geçirilýän bu abraýly ýaryşda «PSŽ» çynlakaý güýç görkezýär – klub şu wagta çenli diňe bir gol geçirtdi. Lionel Messili «Inter Maýamini» hem-de Harri Keýnli «Bawariýany» nobat bilen ýeňen Luis Enrikeniň kluby indi iň kyn synaglarynyň birine ýüzlenýär.
«Real» şu wagta çenli ýaryşda ýeňliş duzuny datmady we bu duşuşykda hem öz ýeňilmezligini saklamagy maksat edinýär. Bu duşuşykda iň uly üns merkezinde bolsa, Kilian Mbappeniň öňki kluby «Real» bilen duşuşygy bolar.
Dünýäniň esasy futbol sahnalarynyň birine öwrülen "MetLife" stadionynda geçjek bu duşuşyk Türkmenistanyň wagty bilen 9-njy iýuldan 10-njy iýula geçjek gije sagat 00:00-da başlanar.