
Ligue 1. "Lýon" geljek möwsüm ýokary ligada oýnar
Fransiýanyň Futbol boýunça Milli Dolandyryş Gözegçilik Direktoraty (DNCG) «Lýon» klubynyň berlen arzyny kanagatlandyryp, klunyň 2025/26-njy ýylky möwsümde 1-nji liga gatnaşmagyna ýol berdi. Bu barada klubyň resmi metbugat gullugy habar berýär.
Mälim bolşy ýaly, maliýe taýdan ýüze çykan kynçylyklar sebäpli DNCG topary, kluby ikinji liganyň düzümine düşürmek kararyna gelipdi. Emma klubyň täze ýolbaşçy düzüminiň ylalaşykly hereketleri netijesinde bu çözgüt ýatyryldy.
Iýun aýynyň ahyrynda amerikaly zenan Mišel Kang klubyň prezidenti wezipesinde amerikaly Jon Tekstory çalyşypdy. Täze ýolbaşçylygyň işe girişmegi bilen klubda maliýe ýagdaýlaryny durnuklaşdyrmak boýunça möhüm ädimler ädildi.
— «Lýon» DNCG-niň topary 1-nji ligada saklamak baradaky kararyny ýokary bahalap, täze ýolbaşçylygyň klubyň geljegini durnukly we maksatnamalaýyn dolandyrmak isleginiň ykrar edilendigine minnetdarlyk bildirýär — diýlip, klubyň beýanatynda bellenilýär.
Fransiýanyň Futbol Federasiýasy hem klubyň 2025/26-njy möwsüm üçin çykdajy meýilnamasynyň gözegçilik astyna alnandygyny, aýlyk gazançlarynyň we transfer tölegleriniň berk düzgünler esasynda kesgitlenendigini habar berdi.
2025/26-njy möwsümde 1-nji liga 15-nji awgustda başlap, 17-nji maýda tamamlanar. Şeýle hem «Lýon» geljek möwsüm UEFA-nyň Ýewropa ligasynda hem çykyş eder.