La Liga. Woýseh Şensny "Barselona" bilen täzeden şertnama baglaşdy

Ispaniýanyň futbol älemindäki soňky täzelikleriň biri — «Barselona» tejribeli polýak derwezebany Woýseh Şensny bilen täze şertnama baglaşdy. Täze ylalaşyk 2026/27-nji möwsümiň ahyryna çenli güýjüni dowam etdirer.

35 ýaşly derwezeban 2024-nji ýylyň tomsunda «Ýuwentusdan» aýrylyp, futbolçy karýerasyny soňlandygyny yglan edipdi. Emma aradan bary-ýogy bir ýarym aý geçenden soň, Şensny kararyny üýtgedip, täzeden meýdança dolandy. Bu pursatda Mark-Andre ter Ştegeniň şikes almagy bilen derwezeban gözleýän «Barselona» bilen ylalaşyp, klubyň düzümine goşuldy.

Şeýlelikde, tejribeli polýak futbolçysy täze klubynyň düzüminde 30 duşuşyk geçirdi we «Barselonanyň» Ispaniýa çempiony bolmagyna hem-de ýurduň Kubogyny gazanmagyna öz uly goşandyny goşdy.

Şensny mundan ozal «Arsenal», «Brentford», «Roma» we iň soňky «Ýuwentus» ýaly klublarda çykyş edipdi. Şeýle hem, ol Polşanyň milli ýygyndysynyň düzüminde 84 duşuşyk geçirdi.