
Bundesliga. Musiala üstünlikli operasiýa geçirdi
«Bawariýanyň» ýaş ýyldyzy Jamal Mussiala Klublaryň Dünýä çempionatynyň çäklerinde alan agyr şikesinden soň üstünlikli operasiýa geçirildi. Bu barada nemes klubynyň metbugat gullugy habar berdi.
Ýatladyp geçsek, Germaniýanyň çempiony çärýek final tapgyrynda «PSŽ» bilen duşuşyp, 0:2 hasabynda ýeňlişe sezewar boldy. Duşuşygyň birinji ýarymynyň soňlarynda Mussiala garşydaş klubyň derwezebany Janluiji Donnarumma bilen top ugrunda göreşýän mahaly agyr ýagdaýda çaknyşdy. Şondan soň onuň çep aýagy tebigy däl ýagdaýda gyşardy we oýunçy meýdançany nosilkada terk etdi.
Lukmanlaryň beren maglumatyna görä, oýunçynyň aýagynyň topugy çykyp, onuň netijesinde süňki hem döwlüpdir. Häzirki wagtda Mussiala operasiýadan soňky ilkinji dikeldiş bejerişlerine başlady.
«Bawariýanyň» resmi beýanatynda:
— "Ol ertirden başlap dikeldiş seanslaryna gatnaşar. Şeýlelikde münhenleriň düzüminden birnäçe aýlap uzakda bolar" — diýilýär.
Habarlarda aýdylmagyna görä, futbolçy bu ýyl meýdança dolanmaz. Onuň indiki ýylyň başynda meýdança dolanmagyna garaşylýar.
2024/25-nji möwsümde Mussiala «Bawariýanyň» düzüminde ähli ýaryşlary goşmak bilen 44 oýna gatnaşyp, 21 gol geçirdi we 8 gezek gol pasyny berdi.