APL. Mateus Kunýa 10-luk belgi berildi

Angliýanyň meşhur futbol kluby «Mançester Ýunaýted» hüjümçi Mateus Kunýanyň täze möwsümde 10-luk belgi bilen çykyş etjekdigini mälim etdi.

Bu belgi soňky ýyllarda klubyň hüjüm liniýasynyň esasy oýunçysy bolan Markus Reşforda degişli bolupdy. 2024/25-nji möwsümiň ikinji ýarymynda Reşford kärende esasynda «Aston Willa» klubynda çykyş etdi we häzirki wagtda «Mançester Ýunaýtede» dolanyp geldi. Onuň klubyň bilen şertnamasy 2028-nji ýyla çenli dowam edýär.

26 ýaşly braziliýaly Kunýa 2025-nji ýylyň tomsunda «Mançester Ýunaýteda» geçdi. Ol öňki kluby «Wulwerhempton» bilen 2023-nji ýyldan bäri çykyş edip, şol döwürde 92 duşuşykda meýdança çykdy, 33 gol geçirip, 15 gezek hem asist berdi.