
Ronaldudan estafetany aldy, kelle bilen fenomenal oýun we kiberportuň janköýeri. Diogu Žotany nähili ýatlarys?
Az adam bilýär, ýöne "Jota" – bu futbolçynyň lakamy. Portugaliýada Diogu ady we Silwa familiýasy giňden ýaýran bolansoň, ol özboluşlylygyny görkezmek üçin şeýle lakam saýlapdyr.
2014-nji ýylyň oktýabrynda Žota «Paşuş di Ferreýra» klubyň düzüminde gol geçiren iň ýaş futbolçy boldy – ol wagt 17 ýaşyndady. Bu rekordy soňlukda diňe Matşu Jalo täzeledi.
Diogu Žotanyň boýy 178 sm bolmagyna garamazdan, ol kelle bilen oýnamagy ussatlyk bilen başarýardy. Onuň geçiren gollarynyň 15%-i kelle bilen geçirilipdir – bu 20-den gowrak gol.
Portugaliýanyň milli ýygyndysynda ilkinji duşuşygyna 2019-njy ýylyň noýabrynda çykyş edýär. Ol şol gün Litwa bilen oýunda het-trik eden Kriştianu Ronaldunyň ýerine çalşyga çykýar. Bir ýyl soň bolsa, Diogu çagalyk döwründen bäri Krişiň öz söýgüli gahrymanydygyny boýun alýar.
«Liwerpulda» oýnan döwründe Žota özüni ajaýyp joker hökmünde görkezdi – doly bolmadyk 5 ýylda meýdança çykyp, 12 gezek derwezäni takyk nyşana aldy. Mysal üçin, «Mançester Ýunaýtediň» taryhynda meşhur joker Ole Gunnaryň şeýle gollarynyň sany 28 bolupdy, ýöne ol muny 11 ýylda gazanypdy.
Žota kibersportuň janköýeri bolupdy. Ol "Diogu Jota eSports" atly topary esaslandyryp, soň bu topar "Luna Galaxy" adyny aldy. 2021-nji ýylda bolsa FIFA 21 oýnundaky "Champions Leaderboard" görnüşinde Dünýä çempiony boldy.
Žota benzin bilen işleýän awtoulaglary halamaýardy. Onuň esasy gyzyklanmasy elektromobillerdi – ol köplenç Tesla Model X ulagynda gezýärdi.
Ol Çempionlar Ligasynda het-trik eden dört portugaliýaly futbolçylaryň sanawyna girýär. Bu sanawda Kriştianu Ronaldo, Ruý Pedru we Žoau Mariu hem bar.
Karýerasyndaky soňky goly bolsa esasy garşydaşy «Ewertonyň» derwezesine geçiren ýeňiş topy boldy. Iň soňky duşuşygynda bolsa Žota Portugaliýa bilen bilelikde iýun aýynda geçirilen Milletler Ligasynda kubogyny başyndan galdyrdy.
Resmi taýdan tassyklanmadyk ýene bir fakt bar: aradan çykan güni Žota, lukmanlaryň maslahaty boýunça uçar däl-de, ulag bilen gitmegi makul bildi. Lukmanlar oňa operasiýadan soň ýüze çykyp biljek öýken meseleleri sebäpli möwsüme taýynlyk oýunlary başlanýança uçmagy maslahat bermeýärler. Şonuň üçin ol Angliýa gaýdyp barmak üçin paroma tarap gitýärdi, ýöne öňünde galan 340 kilometri tamamlap bilmedi...