Diogu Žota we dogany ýol heläkçiliginde aradan çykdy

28 ýaşyndaky Portugaliýaly hüjümçi, «Liwerepul» futbol klubynyň we milli ýygyndynyň öňdebaryjy oýunçysy Diogu Žota ýol heläkçiliginde aradan çykdy. Ynandyrmajak bu waka Ispaniýanyň demirgazyk-günbatar sebitinde, Zamora welaýatynda, penşenbe güni irden boldy.

Žota dogany Andre Silwa (25 ýaşly, ol hem futbolçy) bilen bilelikde Lamborjini kysymly awtoulagda syýahat edýärdi. Awtoulag ýoldan çykyp, ýangyn alýar. Iki futbolçy hem heläk boldy. Waka ýerine ýol gözegçilik gullugynyň wekilleri, tizlikli lukmançylyk hyzmatlary we ýangyn söndürijiler gelipdirler. Olary tanamak diňe awtoulagyň nomer belgileri arkaly mümkin bolupdyr.

Ispaniýanyň raýat goragy tarapyndan berlen maglumatlara görä, heläkçiligiň sebäbi awtoulagyň tigiriniň ýarylyp, awtoulagyň ýoldan çykmagy bilen baglanyşyklydyr. Şol pursatda awtoulag öňündäki maşyny geçmek hereketini ýerine ýetirýär eken.

Žota birnäçe hepde ozal uzak ýyllaryň dowamynda bile bolan söýgülisi bilen resmi nikalaşypdy. Olar üç çaga terbiýeleýärdiler.

Žota 2020-nji ýyldan bäri «Liwerepul» klubynda çykyş edip, klub bilen bilelikde üç kubok gazandy. Ol ozal «Wulwerhempton», «Portu», «Atletiko Madrid» we «Paşuş di Ferreýra» ýaly klublaryň düzüminde hem çykyş edipdi. Geçen möwsümde bolsa, «Liwerepul» bilen Angliýanyň çempiony boldy hem-de Portugaliýanyň ýygyndysy bilen ikinji gezek Milletler ligasynda ýeňiş gazandy.

«Liwerepul» kluby hem resmi beýanat bilen çykyş edip, Žotanyň we onuň doganynyň ýitgisine çuňňur gynanç bildirdi. Klub, şeýle hem, oňaýsyz ýagdaýda ýaşaýan maşgalasyna we ýakynlaryna doly goldaw beriljekdigini mälim etdi.

UEFA hem bu agyr ýitgi sebäpli gynanç hatyny yglan edip, Žotanyň maşgalasyna we ähli ýakynlaryna duýgudaşlyk bildirdi.