La Liga. 2025/26 möwsüminiň oýun tertibi belli boldy

Ispaniýanyň Futbol Federasiýasynyň (RFEF) resmi habaryna görä, La Liganyň täze möwsümi 2025-nji ýylyň 16–17-nji awgustynda başlanar. Çempionatyň soňky — 38-nji tapgyry bolsa 2026-njy ýylyň 23–24-nji maýynda geçiriler.

Ýurduň häzirki çempiony «Barselona» möwsümiň ilkinji duşuşygyny myhmançylykda «Malýorka» bilen geçirer. «Real Madrid» öz meýdançasynda «Osasuna» bilen duşuşar. «Atletiko Madrid» bolsa «Espanýolyň» meýdançasynda çykyş eder.

Futbol dünýäsi tarapyndan sabyrsyzlyk bilen garaşylýan ilkinji «El Klasiko» 26-njy oktýabrda “Santiago Bernabeu” stadionynda geçiriler. Jogap duşuşygy bolda 10-njy maýda “Kamp Nou” stadionynda bolar.

Birinji tapgyryň ähli duşuşyklary: