
CWC. "Inter" hem-de "Mançester Siti" ýeňildi
ABŞ-da dowam edýän futbol boýunça Klublaryň Dünýä çempionatynyň 1/8 final tapgyrynyň çäginde geçirilýän duşuşykda Saud Arabystanynyň «Al-Hilal» kluby meşhur «Mançester Siti» klubyny goşmaça wagtda 4:3 hasabynda ýeňmegi başardy.
Orlando şäherinde geçirilen duşuşygyň esasy wagty 2:2 hasabynda tamamlandy. Angliýanyň wekili bolan «Mançester Siti» klubynda Bernardu Silwa, Erling Holand we Fil Foden tapawutlandy. «Al-Hilal» klubyň düzüminde bolsa Markos Leonardo (2 gol), şeýle hem Malkom we Kalydu Kulibali gol geçirip, klubyna ýeňiş getirdiler.
Şeýle-de, Şarlotta şäherinde geçirilen beýleki 1/8 final duşuşygynda Braziliýanyň «Fluminenese» kluby Italiýanyň «Inter» klubyny 2:0 hasabynda ýeňdi. Bu duşuşykda Herman Kano bilen Erkules tapawutlandy.
Indi «Al-Hilal» bilen «Fluminenese» klublary 4-nji iýulda Orlandoda çärýek finalda ýüzbe-ýüz gelerler.