CWC: Toparçalaýyn tapgyr tamamlandy, 1/8 finala çykýanlar belli boldy
ABŞ-nyň dürli şäherlerinde geçirilýän FIFA-nyň Klublar boýunça Dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyry tamamlandy. Soňky tapgyrda geçirilen duşuşyklar bilen 1/8 finala gatnaşjak ähli klublar belli boldy.
"G" toparçada geçirilen duşuşykda Angliýanyň «Mançester Siti» kluby Italiýanyň «Ýuwentus» klubyny 5:2 hasaby bilen ýeňdi. Angliýanyň wekillerinden Jeremi Doku, Erling Holand, Fil Foden we Sawinýo tapawutlandy, ýene bir goly garşydaş klubyň goragçysy öz gözegçiligindäki derwezä girizdi. Italýanlardan bolsa Tön Kopmeýners we Duşan Wlahaowiç gol geçirdi.

Bu ýeňiş bilen «Mançester Siti» toparçadaky ähli üç duşuşykda ýeňiş gazanyp, 9 utuk bilen birinji ýere çykdy. «Ýuwentus» 6 utuk bilen ikinji boldy — iki klub hem öň 1/8 finaly kepillendiripdi.
Şol toparçada geçirilen beýleki duşuşykda BAE-niň «Al-Aýn» kluby Marokkonyň «Widad» klubyny 2:1 hasaby bilen ýeňdi. Emma bu ýeňiş iki klub üçin hem ýeterlik bolmady — olar toparçadaky iň soňky orunlary eýeläp, play-off tapgyryndan daşda galdylar.

"H" toparçasynda bolsa Ispaniýanyň «Real Madrid» kluby Awstriýanyň «Zalsburg» llubyny 3:0 hasabynda ýeňdi. Gollaryň awtorlary: Winisus, Federiko Walwerde we Gonsalo Garsia. Bu ýeňiş bilen «Real» toparçada 7 utuk gazanyp birinji boldy.

Bu toparçada geçirilen beýleki duşuşykda bolsa Saud Arabystanyň «Al-Hilal» kluby Meksikanyň «Paçuka» klubyny 2:0 ýeňdi. Bu netijä görä, «Al-Hilal» ikinji orny eýeläp, Ýewropadan başga ýurtlaryň arasynda 1/8 finala çykan ýeke-täk Aziýanyň kluby boldy.

Ähli toparçalaryň netijeleri:

Toparçalaýyn tapgyryň netijesine görä 1/8 finalyň jübütleri şu görnüşde:
«Palmeýras» (Braziliýa) — «Botafogo» (Braziliýa)
«Benfika» (Portugaliýa) — «Çelsi» (Angliýa)
«Inter» (Italiýa) — «Fluminense» (Braziliýa)
«Mançester Siti» (Angliýa) — «Al-Hilal» (Saud Arabystan)
«PSŽ» (Fransiýa) — «Inter Maýami» (ABŞ)
«Flamengo» (Braziliýa) — «Bawariýa» (Germaniýa)
«Borussiýa Dortmund» (Germaniýa) — «Monterreý» (Meksika)
«Real Madrid» (Ispaniýa) — «Ýuwentus» (Italiýa)
Pleý-off duşuşyklary 28-nji iýunda başlar.


.jpg)
 (2).jpg)

.gif)
.gif)
.gif)


