
CWC: "G" we "H" toparçalaryň soňky oýunlarynda güýçli garşydaşlyk garaşylýar
ABŞ-nyň dürli şäherlerinde dowam edýän Klublaryň Dünýä Çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynda "G" we "H" toparçalarynyň soňky duşuşyklary geçiriler. Bu duşuşyklar toparlaryň pleý-off tapgyryndaky ykbalyny kesgitlejek möhüm oýunlar bolar.
"G" toparçasyndaky iň möhüm duşuşykda Italiýanyň giganty «Ýuwentus» bilen Angliýanyň güýçli kluby «Mançester Siti» garşydaş bolar. Bu güýçli duşuşyk Aşgabat wagty bilen 26-njy iýunda sagat 23:59-da başlar. Şol bir wagtda, Marokkonyň wekili «Widad» bilen BAE-niň wekili «Al-Aýn» klubynyň arasyndaky oýun hem geçiriler.
Soňky duşuşyklardan öň "G" toparçanyň tertibi:
"H" toparçasynda hem futbol janköýerlerini tolgundyrjak duşuşyklar garaşýar. Awstriýanyň «Zalsburg» kluby bilen Ispaniýanyň ägirdi «Real Madrid» duşuşar. Bu duşuşyk 27-nji iýuna geçilen gije sagat 06:00-da başlanar. Şeýle hem, şol pursatda Saud Arabystanyň «Al-Hilal» bilen Meksikanyň «Paçuka» klublary güýç synanyşar.
Soňky duşuşyklardan öň "H" toparçanyň tertibi:
Bu duşuşyklardan soň, toparçalarda pleý-off tapgyryna geçýän klublar dolulygyna belli bolar.