
Transfer. Neýmar "Santos" bilen täzeden şertnama baglaşdy: "Bu meniň öýüm"
Braziliýaly meşhur hüjümçi Neýmar futbolçylyk ýoluna ilkinji ädimini äden kluby – «Santos» bilen täze şertnama baglaşdy. Täze şertnama 2025-nji ýylyň ahyryna çenli güýjüni saklar we goşmaça uzaldylmak mümkinçiligini hem özünde jemleýär.
33 ýaşly futbolçy täze şertnama gol çekenden soň ýürekden çykyş etdi:
– Men ýüregimi diňledim we karara geldim. «Santos» diňe bir meniň klubym däl – bu meniň öýüm, köküm, taryhym we durmuşym. Bu ýerde men oglandym, bu ýerde erkek adama öwrüldim. Meni bu ýerde çyn ýürekden söýýärler. Bu ýerde men özümiň kimdigimi gizlemezden, hakyky bagtly bolup bilýärin. Indi öňümde galan arzuwlarymy hem şu ýerde durmuşa geçirmek isleýärin. Meni hiç zat saklap bilmez!
Neýmar häzirki wagtda Braziliýanyň çempionatynyň 12 tapgyrynyň netijesine görä 11 utuk toplap, 15-nji orunda ýerleşýän «Santosyň» düzüminde çykyş eder.
Neýmar öz karýerasyna hut şu klubda başlapdy. Soňra Ispaniýanyň «Barselonasynyň» düzüminde iki gezek La Liganyň çempiony we Çempionlar ligasynyň ýeňijisi boldy. Fransiýanyň «PSŽ» kluby bilen bolsa bäş gezek ýurduň çempiony boldy.