RSL. Kriştianu Ronaldu "Al-Nasr" bilen täze şertnama baglaşdy

Portugaliýaly meşhur hüjümçi Kriştianu Ronaldu, Saud Arabystanyň «Al-Nasr» kluby bilen täze şertnama baglaşdy. 40 ýaşly futbolçy täze ylalaşyga laýyklykda 2027-nji ýyla çenli klubda çykyş etmegini dowam etdirer.

Ronaldu «Al-Nasr» bilen 2023-nji ýylyň başynda şertnama baglaşypdy we geçen möwsümde Saud Arabystanyň çempionatynda 25 gol geçirmegi başaryp, liganyň iň gowy bombardiri boldy.

Täze şertnamanyň baglaşylmagy bilen baglylykda Ronaldu özüniň jemgyýetçilik ulgamyndaky sahypasynda şeýle ýazgy bilen çykyş etdi:

– Täze bap başlanýar. Şol bir höwes, şol bir düýş. Geliň, taryh ýazaýlyň!

Kriştianu Ronaldu futbol dünýäsinde iň uly üstünliklere eýe bolan oýunçylaryň biri. Ol:

5 gezek Altyn topuň eýesi, 5 gezek Çempionlar ligasynyň ýeňijisi, 1 gezek Ýewropanyň çempiony (2016), 2 gezek Milletler ligasynyň ýeňijisi.

Milli ýygyndylarda, Ýewropa çempionatlarynda, Çempionlar ligasynda we Klublaryň Dünýä çempionatlarynda iň köp gol geçiren futbolçy hökmünde hem tanalýar.