
Transfer. Miloş Kerkez "Liwerepul" bilen şertnama baglaşdy
Wengeriýaly goragçy Miloş Kerkez resmi taýdan «Bornmutdan» Angliýanyň ägirtleriniň biri hasaplanýan «Liwerepul» klubyna geçdi. Bu barada “gyzyllaryň” resmi saýtynda habar berildi.
21 ýaşly futbolçy lukmançylyk barlagyndan üstünlikli geçip, klub bilen 2030-njy ýylyň tomsuna çenli dowam etjek şertnama gol çekdi. Mediada peýda bolan habarlara görä, transfer 45 million ýewro möçberinde amala aşyryldy.
Kerkez geçen möwsüm, ýagny 2024/25 möwsüminde ähli ýaryşlary goşmak bilen 41 duşuşykda çykyş edip, 2 gol geçirip, 6 gezek gol bilen asist berdi. Ol häzirki wagtda Wengriýanyň milli ýygyndysynda hem çykyş edýär we onuň hasabynda 23 oýun bar.