CWC. "E" we "F" toparçalaryň netijeleri

ABŞ-da geçirilýän Klublaryň Dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň soňky duşuşyklaryndan soň "E" we "F" toparçalarynyň ýeňijileri belli boldy.

"E" toparça: «Inter» – «Riwer Pleýt», «Monterreý» – «Urawa»

Italiýanyň «Inter» kluby toparçalaýyn tapgyryň 3-nji oýnunda Argentinanyň «Riwer Pleýt» klubyny 2:0 hasabynda ýeňdi. Milanlylaryň düzüminde Françesko Esposito we Alessandro Bastoni tapawutlandy. «Riweriň» ýagdaýy bolsa oýunyň dowamynda hasam agyrlaşdy – ilki bilen 66-njy minutda Lukas Martinez gyzyl kart aldy, soňra bolsa goşmaça wagtda Gonzalo Montiel hem meýdançadan çykaryldy.

Toparçanyň beýleki duşuşygynda Meksikanyň «Monterreý» kluby Ýaponiýanyň «Urawa Red Daýmonds» klubyny 4:0 hasabynda ýeňdi.

Netijede «Inter» 7 utuk bilen birinji orny eýeledi, «Monterreý» 5 utuk bilen ikinji orna çykdy. «Riwer Pleýt» 4 utuk bilen üçünji, «Urawa» bolsa utuksuz soňky orunda galdy.

"F" toparça: «Borussiýa» – «Ulsan», «Fluminense» – «Mamelodi»

Dortmundyň «Borussiýasy» Günorta Koreýanyň «Ulsan Hýunde» klubyny 1:0 hasabynda ýeňdi. Ýeňiş goluny Daniýel Swensson geçirdi. Bu netijäniň netijesinde nemes kluby 7 utuk toplap, toparçanyň lideri boldy.

Toparçanyň beýleki duşuşygy Braziliýanyň «Fluminense» bilen Günorta Afrikanyň «Mamelodi Sandaunz» klublarynyň arasynda geçdi we 0:0 hasabynda deňlik bilen tamamlandy.

Şeýlelik-de «Fluminense» 5 utuk bilen ikinji orny eýeledi.

1/8 finalda:

«Inter» – «Fluminense»
«Borussiýa Dortmund» – «Monterreý»