TÝB - 2025. Öňdebaryjylar ýeňiş gazandylar
Türkmenistanyň futbol boýunça ýokary ligasynyň klublarynyň ýaşlar düzümleriniň arasyndaky çempionatyň 13-nji tapgyrynyň duşuşyklary geçirildi. Bu tapgyrda öňdebaryjy toparlar nobatdaky ýeňişlerini gazandylar.
“Aşgabat II” bilen myhmançylykda duşuşan “Arkadag II” topary garşydaşyndan 2:1 hasabynda üstün çykdy. Maryda “Merw II” bilen duşuşan “Ahal II” 3:0, “Altyn Asyr II” bolsa “Şagadam II” toparyndan 4:0 üstün çykdy.

Bu netijelerden soň “Arkadag II” 11 oýundan soň 29 utuk bilen ýaryş tertibinde öňdeligini saklaýar. “Altyn Asyr II” we “Ahal II” bolsa 13 oýunda 28 utuk toplap, degişlilikde ikinji we üçünji orunlarda ýerleşýärler.
Tapgyryň çägindäki başga bir duşuşykda “Nebitçi II” bilen “Köpetdag II” toparlary 0:0 hasabynda deňme-deň oýnadylar. Bu duşuşyk 4-nji iýunda geçirildi.
13-nji tapgyryň duşuşyklary:
“Merw II” – “Ahal II” – 0:3
Gollar: 38 Begenç Mämiýew, 45+1 Ýolmämmet Garajaýew, 75 Muhammedaly Nasyrow (“Ahal”)
“Şagadam II” – “Altyn Asyr II” – 0:4
Gollar: 12 Kirill Çaruhin, 58 Söhbet Durdyýew, 70 Arslan Saparow, 90+2 Nedirmämmet Nedirmämmedow (“Altyn Asyr II”)
“Aşgabat II” – “Arkadag II” – 1:2
Gollar: 56 Mergen Nurlyýew (“Aşgabat II”) – 75 Ýeňiş Berdimyradow, 80 Pälwan Annaýew (“Arkadag II”)
Çempionatyň tablisasy:
| T/b | Toparlar | O | Ý | D | U | T | U |
| 1. | «Arkadag II» | 11 | 9 | 2 | 0 | 31-6 | 29 |
| 2. | «Altyn Asyr II» | 13 | 9 | 1 | 3 | 28-12 | 28 |
| 3. | «Ahal II» | 13 | 9 | 1 | 3 | 31-11 | 28 |
| 4. | «Nebitçi II» | 14 | 6 | 2 | 6 | 20-21 | 20 |
| 5. | «Şagadam II» | 14 | 5 | 3 | 6 | 19-30 | 18 |
| 6. | «Köpetdag II» | 14 | 4 | 3 | 7 | 12-19 | 15 |
| 7. | «Aşgabat II» | 13 | 1 | 4 | 8 | 9-24 | 7 |
| 8. | «Merw II» | 14 | 0 | 4 | 10 | 10-37 | 4 |

.jpg)
 (2).jpg)

.gif)
.gif)
.gif)
