
Transfer. Soňky habarlar (13.06.2025)
— Kewin De Bruýne resmi taýdan «Napoliniň» täze futbolçysy boldy. Ol erkin agent hökmünde Italiýa geçdi. Şertnama 2027-nji ýyla çenli, goşmaça bir ýyllyk uzaltma mümkinçiligi bar.
— Mateus Kunýa «Wulwerhemptondan» 74,2 milliom ýewro bahasyna «Mançester Ýunaýteda» geçdi. Şertnama 2030-njy ýyla çenli, goşmaça bir ýyllyk uzaltma mümkinçiligi bar.
— Leroý Sane «Galatasaraýyň» futbolçysy boldy. 29 ýaşly nemes hüjümçi erkin agent hökmünde Türkiýä bardy. Ol ýylda 15 million ýewro alar. Şertnama 2028-nji ýyla çenli.
— Fabrizio Romano: Luka Modriç klublaryň Dünýä çempionatyndan soň «Milana» geçer. Ol häzirki wagtda «Realdaky» çykyşlaryna ünsi jemläp klublar Dünýä çempionatynda çykyş eder we soňra saglyk barlaglaryndan geçip, resmi gol çeker.
— Trent Aleksander-Arnold «Real Madridiň» täze futbolçysy hökmünde tanyşdyryldy. Ol klublar Dünýä çempionatynda 12 belgi bilen çykyş eder we Marselonyň geýen belgisini alar.
— Resmi: Franko Mastantuono «Riwer Pleýtdan» 45 million ýewro bahasyna «Reala» geçdi. 17 ýaşly futbolçy Ispaniýa Dünýä çempionatyndan soň barar. Şertnama 2031-nji ýyla çenli.
— Fabrizio Romano: Darwin Nunez bu tomusda «Liwerpuly» terk eder. Oňa Saud Arabystandan we Italiýadan, şol sanda «Napoliden» gyzyklanma bar.
— Fabrizio Romano: «Sporting» hüjümçi Wiktor Dýokereşiň transferinden 80–85 million ýewro gazanmagy isleýär.
— Resmi: Jek Griliş «Mançester Sitiniň» klublaryň Dünýä çempionatyndaky düzümine girizilmedi. Ol tomusda kluby terk eder diýlip garaşylýar.
— Fabrizio Romano: «Bawariýanyň» bu tomusky esasy maksady – «Bilbaonyň» futbolçysy Niko Wilýams. Oňa «Arsenal» hem gyzyklanma bildirýar. Gepleşikler dowam edýär. Onuň şertnamasynda 58 million ýewro töläp satyn almak şerti göz öňünde tutulýar, emma aýlyk bilen baglanyşykly meseleler kynçylyk döredýär.
— Fabrizio Romano: Matias Almeýda «Sewiliýanyň» täze baş tälimçisi bolýar. Üç ýyllyk şertnama barada ylalaşyk gazanyldy. Ýakyn wagtda resmi gol çekiler. Hünärmen bilen italiýan klublary hem gyzyklanýardy.