AFC. Emeli örtükli meýdançalar gadagan edildi

Aziýanyň Futbol Konfederasiýasy (AFC) 2025-nji ýylyň awgust aýyndan başlap, doly sintetiki süýümlerden ýasalan emeli örtükli meýdançalaryň birnäçe halkara ýaryşlarda ulanylmagyny gadagan etjekdigini mälim etdi.

Täze düzgün Aziýa Kubogynyň jemleýji saýlama tapgyry, zenanlaryň arasynda Aziýa Kubogynyň saýlama ýaryşy, Dünýä Kubogynyň saýlama ýaryşy (ikinji tapgyrdan başlap), zenanlaryň arasynda Olimpiýa saýlama ýaryşy, Elita Çempionlar Ligasy, ikinji derejeli Çempionlar Ligasy, zenanlar üçin Çempionlar Ligasy.

AFC bu kararyň futbolçylaryň howpsuzlygyny we ýaryşlaryň hil derejesini ýokarlandyrmak maksady bilen kabul edilendigini belledi.