Futbol boýunça zenanlar ýygyndymyz FIFA-nyň reýtinginde ozalky ornuny saklap galdy

FIFA düýn - 12-nji iýunda futbol boýunça zenanlar ýygyndylarynyň arasyndaky reýtingini täzeledi. Täzelenen reýtingde Türkmenistanyň ýygyndysy 141-nji orunda.

Boris Borowigiň şägirtleri reýtingde ozalky ornunda galmagy başardylar. Ýygynda 1075,41 utuk berildi. Türkmen ýygyndysy reýtingde St.Kitts we Newis bilen Keniýanyň aralygynda ýerleşýär.

Ozalky reýting mart aýynda yglan edilipdi. Indiki reýting 7-nji awgustda çykarylar. Oňa çenli Boris Borowigiň şägirtlerine möhüm synag garaşýar. Olar 29-njy iýundan 5-nji iýula çenli aralykda Aziýanyň kubogy - 2026-nyň saýlama tapgyryna gatnaşar. Mýanmada geçiriljek duşuşyklarda milli ýygyndymyz ilkinji duşuşygyny 29-njy iýun güni ýer eýeleri ― Mýanmanyň ýygyndysy bilen geçirer. 2-nji iýuldaky garşydaşymyz bolsa toparçanyň iň güýçli wekili ― Bahreýniň ýygyndysy bolar. Boris Borowigiň şägirtleri saýlama tapgyrdaky jemleýji duşuşygy 5-nji iýulda Bangladeşiň ýygyndysy bilen geçirer.

Aziýanyň kubogy ― 2026-nyň final tapgyry Awstraliýada geçiriler.