"Altyn asyr" yklym ýaryşyndaky ýerini berkiden iki toparyň biri

Aşgabadyň "Altyn asyr" futbol topary AFK-nyň Çagyryş ligasynyň Günbatar sebitiniň öňde duran möwsüminde toparçalaýyn tapgyryndaky ýeri belli bolan iki klubyň biridir. Bu tapgyrdaky ýerini Ýazguly Hojageldiýewiň şägirtlerinden başga-da, Omanyň "Al Şababy" berkitdi.

Sebitde toparçalaýyn tapgyryň galan wekilleri saýlama duşuşyklardan geler.

Ýurdumyzdan "Ahalyň" AFK-nyň Çempionar ligasy 2-niň toparçalaýyn tapgyryna goşulmak üçin Täjigistanyň "Regar-TedAZ" topary bilen güýç synanyşjakdygyny ýatladýarys. Eger topar bu synagdan üstünlikli geçip bilmese, yklym ýaryşlaryndaky möwsümi AFK-nyň Çagyryş ligasynda dowam eder.

Türkmenistanyň çempiony "Arkadag" toparynyň AFK-nyň Çagyryş ligasy - 2-niň toparçalaýyn tapgyryndaky ýerini berkidendigini ýatladýarys.