
Türkmenistanly tälimçi özbek ýygyndysyny gutlady
Türkmenistanyň hem-de tutuş Merkezi Aziýanyň iň tanymal tälimçileriniň biri, öňki «Kolhozçy» (Aşgabat), «Pahtakor» toparlarynyň, şeýle-de Özbegistan bilen Kamerunyň milli ýygyndylarynyň tälimçisi Waleriý Nepomnaşiniň Özbegistanyň milli ýygyndysy barada aýdanlary:
«Bu üstünlik bilen tälimçileri, futbolçylary hem-de elbetde, janköýerleri gutlaýaryn. Meniň üçin Özbegistanyň milli ýygyndysynyň dünýä çempionatyna çykmagy garaşylmadyk waka boldy diýip bilmerin. Merkezi Aziýada futbolyny ünsli synlaýaryn we Özbegistanda düýpli öňe gitmäniň bardygyny görýärin. Futbolçylar Ýewropa bilen Russiýada oýnaýarlar. Bu üstünlik goňşy döwletlere-de uly höwes we itergi berer diýip pikir edýärin. Bu örän möhüm hadysa. Indi lezzet alarys, dünýä çempionatynda Özbegistana janköýerlik ederis. Meniň pikirimçe, ýygyndy toparçalaýyn tapgyrdan geçer».