CAFA U20. Ýaşlar ýygyndymyz Özbegistan bilen deňme-deň oýnady

Türkmenistanyň futbol boýunça 20 ýaşa çenli ýaşlar ýygyndysy şu günler geçirilýän Merkezi Aziýanyň Futbol assosiýasynyň çempionatynda ikinji duşuşygyny geçirdi.

Özbegistan we Eýran ýaly güýçli ýygyndylar bilen bir toparça düşen ildeşlerimiz ilkinji duşuşygynda Eýranyň ýygyndysyndan minimal hasap (0:1) bilen ýeňlipdiler. Düýn geçirilen ikinji duşuşykda bolsa olar Özbegistanyň ýygyndysy bilen 1:1 hasabynda deňme-deň oýnadylar.

Duşuşykda türkmen futbolçylarynyň güýçli garşydaşyna garanyňda rüstem oýnandygyny aýratyn nygtamak gerek. Muny Aşgabadyň "Altyn asyrynyň" we ýaşlar ýygyndymyzyň zehinli wekili Weýisgeldi Orazdurdyýewiň duşuşygyň iň gowy oýunçysy hökmünde ykrar edilmegi hem görkezýär.

Toparçanyň ykbaly Özbegistan - Eýran duşuşygyndan soň belli bolar. Eger duşuşykda Eýranyň ýygyndysy Özbegistany 2 we ondan köp golly tapawut bilen ýeňip bilse, türkmen futbolçylaryna üçünji orun üçin göreşmäge mümkinçilik dörär.

Futbolçylarymyzyň düýnki deňligini ýene bir uly netijeleriň biri hasaplap bolar. Çünki Özbegistanyň islendik ýaş toparyndaky ýygyndysy diňe bir Merkezi Aziýada däl, eýsem, tutuş yklymda iň güýçli ýygyndylaryň biri hasaplanylýar. Ýakynda bolsa ýurdumyzyň 16 ýaşa çenli ýetginjekler ýygyndysynyň Merkezi Aziýanyň çempionatynda bürünç medal eýeländigini ýatladýarys.