Teýmur Çaryýew Žodino şäherine dolanyp bardy

Belarus Respublikasynyň "Torpedo-BelAZ" futbol klubynyň metbugat gullugy türkmenistanly ýarymgoragçy Teýmur Çaryýewiň Aşgabatdaky duşuşyk tamamlanan dessine yzyna baryp, toparyň türgenleşiklerine goşulandygyny habar berdi.

Klubyň metbugat gullugy bu barada şeýle ýazýar:

"Aşgabatdan Žodino çenli, takmynan, 4 müň kilometrlik ýol. Teýmur, hakyky, maşyn".

Teýmur Çaryýewiň Aziýanyň kubogy - 2027-niň saýlama tapgyrynyň çäginde Aşgabat şäherinde Taýlandyň ýygyndysy bilen geçirilen duşuyk üçin baş tälimçimiz Röwşen Meredow tarapyndan milli ýygynda çagyrylandygyny ýatladýarys. Ol oýna hem esasy düzümde girip, gazanylan ýeňşe uly goşant goşdy.

Teýmur Çaryýew şu gezekki ýygnanyşyga we duşuşyga çagyrylan iki legionerimiziň biridir. Legionerlerimiziň ikinjisiniň - Gyrgyz Respublikasynyň "Uzgen" toparynyň hüjümçisi Mihail Titowyň duşuşygyň 1-nji minudynda tapawutlanyp, milli ýygyndymyzyň taryhynda iň ir geçirilen goly öz adyna ýazdyrandygyny ýatladýarys.