AFC AC. Türkmenistan – Taýland duşuşygynyň yzýany metbugat ýygnanyşygy geçirildi

2027-nji ýylyň Aziýa Kubogyna saýlama oýunlarynyň çäklerinde geçirilen Türkmenistan bilen Taýlandyň milli ýygyndy toparlarynyň arasyndaky duşuşykdan soň metbugat ýygnanyşygy geçirildi. Oňa milli ýygyndymyzyň baş tälimçisi Röwşen Meredow hem-de goragçy Mekan Saparow gatnaşdy. Duşuşykda Türkmenistanyň milli ýygyndysy garşydaşy Taýlandy 3:1 hasabynda ýeňdi.

Duşuşykdan soň tälimçi Röwşen Meredow şeýle diýdi: "Oýun garaşanym ýaly kyn geçdi. Garşydaşymyz – Aziýa sebitindäki iň güýçli toparlaryň biri, belki-de iň güýçlisi. Oglanlarymyzyň watana bolan söýgüsi, halkymyzy begençli etmek islegi güýçli täsir etdi. Ýeňişde janköýerleriň we ýakynlarymyzyň goldawynyň hem uly paýy bar!"

Goragçy Mekan Saparow bolsa çykyşynda şeýle belledi: "Ilki bilen täze bellenen tälimçilere sag bolsun aýdýaryn. Nesip bolsa, öňümizdäki oýunlarda hem güýçli taýýarlyk bilen çykyş ederis. Ýeňiş gazanmak – ähli tälimçiler, janköýerler we topar üçin uly bagtdyr. Köpräk işlemegiň zerurdygyny hem bilýäris".

Duşuşykda görkezilen güýçli oýun we janköýerleriň güýçli goldawy, milli ýygyndymyzyň geljekde has ýokary sepgitlere ýetjekdigine bolan ynamy artdyrdy.