.jpg)
Çempion topar ýene bir basgançak belende göterildi
Ýokary liganyň 12-nji tapgyrynda çempionatdaky 64-nji ýeňşini gazanan «Arkadag» futbol topary milli çempionatymyzyň taryhynda iň kän ýeňiş gazanan toparlaryň sanawynda öz ornuny ýene bir basgançak beýgeltdi.
Şol tapgyrda myhmançylykda Marynyň «Merwinden» 2:0 hasabynda üstün çykan topar Ýokary ligada çykyş eden ýyllarynda 63 gezek ýeňiş gazanan «Galkany» yzda galdyryp, 64-nji ýeňşine gol çekdi. Şeýlelikde, bu netije bilen, Wladimir Baýramowyň şägirtleri Ýokary liganyň taryhynda iň köp ýeňiş gazanan toparlaryň sanawynda 14-nji orna göterildiler. 13-nji orunda 70 ýeňiş gazanan «Energetik» bar.
Ýokary liganyň taryhynda iň köp ýeňiş gazanan toparlaryň ilkinji bäşligi şeýle:
1. «Nebitçi» ― 487 ýeňiş;
2. «Merw» ― 368;
3. «Şagadam» ― 351;
4. «Köpetdag» ― 344;
5. «Ahal» ― 317.