Transfer. Soňky habarlar (10.06.2025)
Tomas Frank – «Tottenhem» klubynyň täze tälimçisi!

«Tottenhem» Tomas Frank bilen tälimçilik boýunça şertnama baglaşdy. Tälimçiniň öňki kluby «Brentford» ony goýbermek üçin takmynan 10 million funt sterling töleg alar. Frank «Tottenhemde» Ange Postekoglunyň ornuny tutar.
Raýan Şerki – «Mançester Sitiniň» futbolçysy!

Fransuz oýunçy Raýan Şerki «Mançester Siti» bilen 35 million ýewrolyk şertnama baglaşdy. Şertnama 5 ýyllyk.
Raýan Ait-Nuri – resmi taýdan «Mançester Sitide».

«Wulwerhemptonyň» goragçysy Raýan Ait-Nuri, «Siti» bilen 2030-njy ýyla çenli şertnama baglaşdy. Transfer bahasy 40 million ýewro.
Kristian Kiwu – «Interiň» baş tälimçisi!

Rumyn hünärmeni Kristian Kiwu resmi taýdan «Interiň» baş tälimçisi boldy. Ol derrew işe girişer, şertnama 2027-nji ýyla çenli.
Kriştianu Ronaldu «Al-Nasrda» galýar!

Milletler ligasynda ýeňiş gazanandan soň Ronaldu geljegini anyklaşdyrdy: «Hiç zat üýtgemedi. Men öňküsi ýaly “Al-Nasrda” galýaryn».
Robert Lewandowski Polşanyň milli ýygyndysyndan çekilýär.

Lewandowski Polşanyň ýygyndysynda çykyş etmegini togtadýandygyny aýtdy. Ol bu kararynyň sebäbini tälimçi bilen bagly meseleler bilen düşündirdi we geljekde gaýdyp gelmeginiň mümkindigini inkär etmedi.
Job Bellingem – «Borussiýa Dortmundda».

Angliýaly futbolçy Job Bellingem kakasynyň we agasynyň ýoluny dowam etdirip, «Borussiýa Dortmund» bilen şertnama baglaşdy. Transfer üçin «Sanderlend» 33 million ýewro + bonuslar alar.
Eriksen, Ewans we Lindelöf – «Mançester Ýunaýtedi» terk edýär.
.png)
Kristian Eriksen, Jonni Ewans we Wiktor Lindelöf «Mançester Ýunaýtedi» bilen şertnamalary tamamlandy we klubdan gitdiler.
«Betis» – Natan Souzany satyn aldy.

Ispaniýanyň «Betis» topary 24 ýaşly goragçy Natan Souzany «Napoliden» 9 million ýewra satyn aldy. Şertnama 2030-njy ýyla çenli.
Franko Mastantuono – «Reala» geçýär.

Argentinaly ýaş zehin Franko Mastantuono «Real Madrid» bilen şertnama baglaşdy. Transfer bahasy 45 million ýewro.
Abdellah Ouazzine – «Realyň» akademiýasynda.

«Real Madrid» 16 ýaşly marokkanly ýetginjek Abdellah Ouazzine bilen şertnama baglaşdy. Ol «Aýaksdan» erkin agent hökmünde gelýär.
Kleman Langlе – indi «Atletiko Madridde».

Fransuz goragçysy Kleman Langlе «Barselona» bilen şertnamasyny özara ylalaşyk bilen ýatyrdy we erkin agent hökmünde «Atletiko Madridiň» futbolçysy boldy. Täze şertnama 2028-nji ýyla çenli dowam eder.

.jpg)
 (2).jpg)

.gif)
.gif)
.gif)


