CIES. Dünýäniň iň gymmat futbolçylary

«Barselonanyň» hüjümçisi Lamin Ýamal dünýäniň iň gymmat futbolçysy diýlip yglan edildi. Bu barada Halkara sport barlaglary merkezi (CIES) tarapyndan geçirilen täze barlagda habar berilýär.

17 ýaşly ispaniýaly futbolçynyň transfer bahasy 402 million ýewro diýlip bahalandyrylýar. Ýamal maý aýynda "gök-gyzyllar" bilen şertnamasyny 2031-nji ýyla çenli uzaltdy.

Ikinji orunda «Mançester Sitiniň» norwegiýaly ýyldyzy Erling Holand (240 mln ýewro) ýerleşýär. Üçünji orny bolsa «Realyň» iňlis ýarymgoragçysy Jud Bellingem (234) eýeledi. Ol özüniň täze klubdaşy fransuz Kilian Mbappeni (192) yzda goýdy.

CIES boýunça dünýäniň iň gymmat 10 futbolçysy:

1. Lamin Ýamal (Ispaniýa, «Barselona») — 403 mln €

2. Erling Holand (Norwegiýa, «Mançester Siti») — 240 mln €

3. Jud Bellingem (Angliýa, «Real») — 234 mln €

4. Kilian Mbappe (Fransiýa, «Real») — 192 mln €

5. Jamal Musiala (Germaniýa, «Bawariýa») — 155 mln €

6. Pedri (Ispaniýa, «Barselona») — 144 mln €

7. Winisius Junior (Braziliýa, «Real») — 130 mln €

8. Koul Palmer (Angliýa, «Çelsi») — 127 mln €

9. Hulian Alwarez (Argentina, «Atletiko») — 126 mln €

10. Florian Wirts (Germaniýa, «Baýer») — 122 mln €