APL. "Aston Willa" stadionynyň sygymyny artdyrmagy meýilleşdirýär

«Aston Willanyň» ýolbaşçylary klubyň stadiony — "Villa Park"-yň sygymyny artdyrmak boýunça uly taslamany durmuşa geçirmäge taýýarlanýarlar. Häzirki wagtda stadion 42,918 tomaşaçyny kabul edip bilýär.

Taslamanyň esasy bölegi — stadionyň demirgazyk bölegi dolulygyna täzeden gurular we onuň sygymy 5 müňden 12 müňe çenli artdyrylar. Stadionyň galan üç böleginde bolsa ownuk üýtgeşmeler bolar.

Bu giňeldiş işleri 2027-nji ýylyň ikinji ýarymynda tamamlanar diýlip garaşylýar. Netijede, "Villa Park"-yň umumy sygymy 50 müň tomaşaça ýetirilýär.

Mälim bolşy ýaly, bu stadion 2028-nji ýylda geçiriljek Ýewropa çempionatynyň duşuşyklaryny kabul etjek stadionlaryň içine girýär.