Şanazar Tirkişow muny başaran ilkinji futbolçy

Şanazar Tirkişow şu ýyl üç ýaryşda tapawutlanan ilkinji türkmenistanly futbolçydyr.

Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň kubogy - 3 gol;
Ýokary liga - 1 gol;
AFK-nyň Çagyryş ligasy - 2 gol.

Bu duşuşyklarda 6 gezek tapawutlanan Şanazar Tirkişow şu ýyl resmi duşuşyklarda iň köp gol geçiren türkmen futbolçylarynyň sanawynda 8 golly Didar Durdyýewden soň ikinji orny eýeleýär.

Şanazar Tirkişowyň AFK-nyň Çagyryş ligasynyň 16-njy aprelde geçirilen ýarym final duşuşygynda Kuweýtiň "Al-Arabi" toparynyň derwezesinden goşa gol geçirendigini ýatladýarys.Ol klublaýyn ýaryşlardaky ilkinji gollaryny şol gün geçirdi.